Stomatolog diş çüýremesiniň ötüşdirilmeginiň getirýän netijelerini düşündirdi

  • 26.03.2026 17:24
  • 12k+

W.I.Razumowskiý adyndaky Saratow döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diş lukmany Wiktoriýa Morgunowa wagtynda bejerdilmedik diş çüýremesiniň dişiň berbat bolmagyna we çynlakaý gaýraüzülmelere sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

"Eger diş çüýräp başlan dessine bejerilmese, ol kem-kemden zaýalanmak bilen bolýar. Ilki bilen dişimizde kiçijik gara tegmil emele gelýär, soňra ol dişiň ýüzüne ýaýrap başlaýar, diwarlaryny ýukaldýar, soňra döwlüp bilýär. Dişiň syrçasy we dentini zaýalananda, bu proses dişiň pulpar kamerasyna çuň aralaşýar we pulpit, soňra bolsa periodontit döredýär, ahyrda dişi sogurmaly bolýar" - diýip, bilermen düşündirýär.

Onuň sözlerine görä, keselli diş infeksiýanyň çeşmesine öwrülýär we bu bolsa beýleki organlara hem zyýan ýetirip biler. Agyr ýagdaýlarda bakteriýalar gana düşüp, ýürek, bogun we böwrek keselleriniň ýüze çykmak töwekgelçiligini artdyrýar.

"Eger diş has düýpli çüýrese ýa-da gaýraüzülmeler ýüze çyksa, ony sogurtmaly bolýar, bu bolsa soňra iýmit çeýnelýän wagtynda dişlere düşýän agramyň, dişiň gysylyşynyň bozulmagyna we çekge-äň bogunlarynyň agyrmagyna getirýär. Başda bejerdilmese, çüýrük ulalýar we has-da erbetleşýär, bu ýagdaý diňe bir gaýraüzülmeleriň töwekgelçiligini artdyrman, eýsem dişiň bejergisine umumy çykdajyny artdyrýar we köp wagt sarp etmeli bolýar" - diýip, hünärmen duýdurýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......