BAE-de birnäçe günläp ýagjak güýçli çabga hakda duýduryş berildi

  • 24.03.2026 22:14
  • 13k+

BAE-niň meteorologlary howanyň durnuksyz boljakdygy barada duýduryş berdiler. Milli Meteorologiýa Merkeziniň (NCM) maglumatlaryna görä, 27-nji marta çenli güýçli ýagyşlar tapgyr-tapgyr dowam eder durar.

Çabgalar duşenbe güni, 23-nji martda başlady. Merkeziň bilermeni Ahmad Habibiň aýtmagyna görä, Abu-Dabide irden ýagyş ýagyp, her ýerde-her ýerde kölçeleriň emele gelmegine we kiçeňräk suw joşmalaryna sebäp bolupdyr. Ýagyş ilki günbatar Al-Dafra sebitine ýagdy, soňra paýtagta we Al-Aýna geçdi. Ýagşyň güýçlüligi dürli-dürli bolup, käbir ýerlerde ýüzleýräk ýagsa, ýene bir ýerde güýçli guýdy.

Agşamara bulaşyk howa gündogar we demirgazyk emirliklerine, esasan Fujeýra we Ras-Al-Haýma şäherlerine geçer. Daglyk sebitlerde we wagtlaýyn derýalaryň boýunda ýagşyň has köp ýagmagy mümkin.

Sinoptikler ýagşyň tapgyr-tapgyr bolup ýagjakdygyny çaklaýarlar: 25-nji martda - demirgazyk we kenarýaka sebitlerde, şeýle hem soňky tapgyr  27-nji mart gijesinde ýagar.

“Ýagyş üznüksiz diňe bir ýere ýagyp durmaz” - diýip, Ahmad Habib belledi.

Howanyň bulaşmagynyň sebäbini atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndaky siklon bilen baglanyşdyrýarlar. 27-nji martdan soň ýeller güýçlener, 28-nji martda temperatura + 28°C töweregi bolar, soňra bolsa ýene-de ýokarlanyp ugrar.


09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....