Serdar Berdimuhamedow Astanadaky GDA-nyň sammitine gatnaşýar

  • 14.10.2022 11:46
  • 8.8k+

«Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Ilki bilen, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Liderleriniň dar düzümdäki mejlisi geçirilýär. Soňra sammitiň işi giňeldilen düzümde dowam eder. Nobatdaky ýokary derejeli duşuşyga Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Şu günler Gazagystanyň paýtagty yklym ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde dünýäniň nazaryny özüne çekýär. GDA-nyň şu gezekki sammiti bolsa pandemiýadan soňky döwürde gurama agza döwletleriň tas ählisiniň Baştutanlaryny ýüzbe-ýüz görnüşde bir meýdança jemledi. Şolaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy ― Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bar.
Sammitiň dowamynda taraplar Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda howpsuzlyk meselelerinde goşulyşmak işlerini mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesini kabul ederler. Hususan-da, howpsuzlyk ulgamynda özara hereketleri pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanlary tarapyndan 2023 ― 2025-nji ýyllarda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmegiň Hyzmatdaşlyk maksatnamasy tassyklanylar. Şeýle-de Gazagystanyň başlangyjy bilen medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Beýannamany kabul etmek meýilleşdirilýär.
Astana duşuşygynyň dowamynda 2023-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegi Gyrgyz Respublikasyna geçirmek we geljekki sammitiň Bişkek şäherinde guralmagy hakynda çözgüt hem kabul ediler.
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Guramanyň ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlere gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlar bilen çykyş edýär. Pandemiýadan soňky döwürde bolsa biziň ýurtlarymyza Arkalaşygyň çäginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitläp, bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermegiň, tejribeleri we bilimleri paýlaşmagyň zerurdygy äşgärdir. Şoňa görä-de, nobatdaky sammitde gurama agza döwletleriň Baştutanlary hut şu meselelere aýratyn ünsi çekerler.


şu gün 23:05
172

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
671

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......