Hazar boýunça gämili deňiz syýahatlary 2023-nji ýylda başlanar

  • 08.10.2022 22:18
  • 21k+

Hazar deňzi boýunça gämili syýahatçylyk gatnawlary taryhda ilkinji gezek 2023-nji ýylda başlanar diýip, penşenbe güni Rosturizmiň ýolbaşçysy Zarina Doguzowa habar berdi.

«Syýahatçylyk soňky ýyllarda sebitiň ähli ýurtlary üçin,  ykdysadyýetiň däp bolan pudaklary bilen birlikde, möhüm sosial-ykdysady pudak hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Biziň esasan iki sany üstünde işlenilmeli trekimiz bar: birinjisi — bu logistika we ulag bilen bagly zatlaryň ählisi. Ikinjisi, hemmäniň tagallalaryny birleşdirmeli örän möhüm ugry — syýahatçylyk infrastrukturasyna degişli ähli zatlar» — diýip, ol Ikinji Hazar ykdysady formunyň çäklerinde geçirilen «tegelek stoluň» başynda çykyş edende aýtdy.

Rosturizmiň ýolbaşçysy Hazar deňzi boýunça kruizleriň üstünde aýratyn durup geçdi.

«Bu häzirlikçe iň bir doly işlenilmedik ugur bolsa gerek. Bu ýerde esasy özüne çekýän zat —  kruiz flotynyň özi. Astrahanyň gämi ussahanalarynda «Pýotr Welikiý» kruiz laýneriniň gurulýandygyndan siz habarly. Biz ony ýylyň ahyryna çenli doly taýýar etmegi göz öňünde tutýas we 2023-nji ýyldan başlap Hazar deňziniň taryhynda ilkinji gezek kruiz gämi gatnawy ýola goýlar» — diýip, ol mälim etdi.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......