Türkmen wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Kambojadaky mejlisine gatnaşdy

  • 06.10.2022 00:24
  • 15k+

Şu ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnopmen şäherinde iş saparynda boldy. Gün tertibine laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Tomusky we Gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriň hasabatlary diňlenildi. Duşuşygyň çäginde ýakyn ýyllarda Türkmenistanda iri halkara sport çärelerini geçirmek barada pikir alşyldy.

Iş saparynyň çäginde Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Kambojanyň daşary işler ministriniň döwlet sekretary jenap Koý Kuong bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredildi. Mundan başga-da, diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama we hukuk esaslaryny giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......