Türkmenistan Moskwada geçirilýän II Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

  • 05.10.2022 23:53
  • 3.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti II Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar. Çäre 5-6 oktýabrda  Moskwada «Skolkowo» tehnoparkynyň çäginde geçýär, oňa Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin we «hazar bäşliginiň» ähli ýurtlarynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Türkmen wekiliýetine wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär.
5-nji oktýabrda tegelek stollar we logistikadan başlap syýahatçylyk taslamalaryna çenli temalaryň giň sanawyny öz içine alýan duşuşyklar geçirildi.
6-njy oktýabrda forumyň çäklerinde ähli hazarýaka döwletleriniň hökümet edaralarynyň wekilleriniň we öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň umumy ýygnagy geçer.  Forumyň dowamynda Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine serediler.  Esasy ünsi ulag infrastrukturasy, energetika, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky bilelikdäki taslamalara, şeýle hem sebitara arkalaşygy we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmeklige çekmek meýilleşdirilýär.
Forum ikinji gezek hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda iň iri meýdança öwrülýär. Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçipdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......