“COVID-19-a” garşy “Sputnik V” sanjymynyň ýaramlylyk möhleti 18 aýa çenli artdyryldy

  • 05.10.2022 10:29
  • 7.7k+

Gamaleýa merkeziniň koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymynyň ýaramlylyk möhleti iki komponent üçin hem 18 aýa çenli uzaldyldy. Bu derman serişdeleriniň döwlet sanawynda ýerleşdirilen derman üçin täzelenen görkezmelerden gelip çykýar diýip, interfax.ru habar berýär.

“Ýaramlylyk möhleti. Doňdurylan serişde. Önümçilik meýdançasy PJ “Generium”, Russiýa: Komponent I – 18 aý, Komponent II – 18 aý” – diýlip, görkezmede bellenilýär.

Şu ýylyň 10-njy awgustynda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi COVID-19-a garşy “Sputnik V” sanjymlarynyň ýaramlylyk möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Şonda ol dürli öndürijileriň serişdeleri üçin 6 aýdan 1 ýyla çenli bolupdy.


23.05.2025 12:05
2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.8k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...