Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary syýasatdan daşdaky ýönekeý adamlaryň millionlarçasy barada aladanyň netijesinde öňe sürüldi

  • 04.10.2022 23:37
  • 11k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ilkinji nobatda, syýasatdan daşdaky ýönekeý adamlaryň millionlarçasy barada aladanyň netijesinde öňe sürlendir. Bu adamlara parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepillikleri zerur bolup durýar diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-attaşesiniň sowallaryna jogap bermeginiň barşynda belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň başlangyjy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň başlangyçlary hakykatda umumy dünýägaraýyş we syýasy esasa eýedir. Olarda ähli ýurtlara, ýolbaşçylara häzirki dünýäniň ýagdaýlaryny anyk we jogapkärli seljermek, mundan beýläk-de çaknyşyklaryň dowam etdirilmeginiň we harby-syýasy bäsleşigiň nämelere getirip biljekdigi barada oýlanmaga, adamzadyň howply çäge ýetendigine, şondan aňyrda garaşylmadyk netijeler bilen bütindünýä howpsuzlygynyň tutuş gurluşynyň döwüljekdigine anyk göz ýetirmäge çagyryş beýan edilendir.

«Türkmenistan häzirki döwürde Hytaý bilen bilelikde bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynyň kesgitleýji şertlerine öwrülmegi, bellenip geçilen howply çäkden yza çekilmek üçin şertleri döretmek we dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen düzgünleşdirmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary edýär. Bu tagallalar, elbetde, deňhukuklylyk  kadalary we taraplaryň kanuny bähbitlerine hormat goýmak esasynda amala aşyrylmalydyr» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......