Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýär

  • 04.10.2022 22:44
  • 7.6k+

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-attaşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.
Wan Sziu energetika, ulag we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine Gurbanguly Berdimuhamedowyň nähili baha berýändigini sorady.

«Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan örän möhüm ugry bolup durýar.
Häzirki döwürde biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini we Türkmenistanyň serişde binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa turba geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

«Iki tarap hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biz bu ugurda Hytaýa Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde örän möhüm hyzmatdaşymyz hökmünde garaýarys.
Türkmenistan häzir öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan köp ugurly ulag-üstaşyr we logistika üpjünçilik ulgamlaryny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgelerini öz içine alar. Bu Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar.
Biziň tagallalarymyz hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen göz öňünde tutýan maksatlarymyza ýetmäge gönükdirilmelidir. Hususan-da, ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary, beýleki üpjünçilik ulgamlary arkaly Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara gatnawlaryň mümkinçiliklerini doly açmaga niýetlenmelidir. Şeýle hem, bu ulgamlar esasy merkezlerde logistik terminallaryny öz içine almalydyr. Türkmenbaşy porty Hazar deňzinde şeýle merkezleriň birine öwrülip biler» - diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...