Tesla ýylyň üçünji çärýeginde rekord 343 müň elektromobil satdy

  • 04.10.2022 13:19
  • 4.6k+

Amerikanyň Tesla elektromobillerini öndürýän kompaniýasy ýylyň ikinji çärýeginde, ondan öňki üç aý bilen deňeşdirilende, önüm bilen üpjünçiligini 34,5% artdyrdy, ýagny rekord 343,83 müňe ýetirdi diýip, kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär.

Şol bir wagtda FactSet-iň sorag geçiren seljerijileri görkeziji 371 müň ulag boldy diýip çaklama berdiler.
Şonlukda, Model S we Model X bilen üpjünçilik 18 672 sany, Model 3 we Model Y bilen üpjünçilik — 325 158 sany boldy.
Ýylyň geçen çärýeginde Tesla 365 923 awtoulag öndürdi, bu ýylyň ikinji çärýeginiň görkezijisinden 41% köpdür.
Şeýlelikde, Teslanyň öndürýän we ýerleýän awtoulaglarynyň sanynyň aratapawudy 22 müň awtoulagdan hem agarak boldy, bu aprel-iýun aýlarynda 4 müňdenem esli kändir. Munuň özi awtoulaglaryň goýberilişiniň isleglerden ep-esli öňe gidýändigine şaýatlyk edýär diýip, ekspertler çaklaýarlar.
Emma kompaniýa munuň logistikadaky kynçylyklar sebäpli şeýle bolandygyny belleýärler.

«Önümçiligiň göwrüminiň ulaldygysaýyn logistikanyň çür başa çykýan döwründe akylly-başly bahadan transportirowka etmek dura kynlaşmak bilen» diýip, metbugat relizinde bellenýär.

Tesla üçünji çärýegiň maliýe hasabatyny 19-njy oktýabrda çap etmegi meýilleşdirýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......