Gurbanguly Berdimuhamedow harby-syýasy bäsdeşligiň güýçlenmeginiň nämelere getirip biljekdigi hakynda oýlanmaga çagyrdy

  • 03.10.2022 12:21
  • 31k+

Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň «Ählumumy ösüş başlangyjynyň» hem-de «Ählumumy howpsuzlyk başlangyjynyň» many-mazmunynda häzirki döwrüň iň howply wehimlerine garşy göreşmäge çagyryş jemlenen. Bu mesele barada Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aç-açan gürrüň etdi.

Makalada nygtalyşy ýaly, Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bolsa «Ählumumy ösüş başlangyjyny» hem-de «Ählumumy howpsuzlyk başlangyjyny» öňe sürdi. Bu başlangyçlar öz manysy boýunça umumy dünýägaraýşa we syýasy esaslara eýedir. Olarda ähli ýurtlara, ýolbaşçylara häzirki dünýäniň hakykatyna oýlanyşykly hem-de jogapkärli düşünmäge, harby-syýasy bäsdeşligiň mundan beýläk-de güýçlenmeginiň nämelere getirip biljekdigi barada pikirlenmäge, garaşylmadyk netijeler esasynda ählumumy howpsuzlygyň ähli gurluşynyň ýykylmagy bilen, adamzadyň howply çäge ýakynlaşandygyna düşünmäge çagyryş bar.

“Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ozaly bilen, syýasatdan uzakdaky, özlerine parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepili zerur bolan millionlarça ýönekeý adamlar baradaky alada ýugrulandyr. Meniň pikirimçe, biziň başlangyçlarymyzyň möhümdigi äşgärdir. Hytaý bilen bilelikde Türkmenistan hem häzirki wagtda bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynda kesgitleýji ýagdaýlara öwrülmegi ugrunda çykyş edýär. Agzalan howply çäkden daşlaşmak üçin şertleri döretmek, gapma-garşylyklary we çaprazlyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow öz makalasynda belledi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......