Google Translate-de sanskrit peýda bolar

  • 02.10.2022 07:31
  • 5.7k+

Ýurduň Daşary işler ministrliginiň adyndan hereket edýän Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşi sanskrit dilini Google Translate hyzmatyna goşmak barada Google kompaniýasy bilen ylalaşdy. Degişli ylalaşyga ICCR-iň Nýu-Delidäki ştab-kwartirasynda gol çekildi diýip, TASS-yň habarçysy ýazýar.

Resminama gol çekişmek dabarasynda ICCR-iň prezidenti Winaý Sahasrabuddhe «sanskrit — Hindistanyň baý däplerine, medeniýetine, taryhyna düşünmäge mümkinçilik berýär» diýip belledi. «Google Translate-de sanskritiň peýda bolmagynyň bu bilimleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik berjekdigine» onuň ynamy uly.
Başlangyç tapgyrda  hyzmata sanskrit dilinden 100 müň söz we aňlatma goşular. Häzirlikçe iňlis dilinden sanskrit diline we tersine terjimeler elýeter bolar. Google Research India-nyň direktory Maniş Gupta tutuş tekstleri terjime etmegiň hem mümkin boljakdygyny, ýöne beýle terjimäniň arassa bolmajakdygyny habar berdi. Mysal üçin, gadymy hindi eposy bolan «Mahabharata»-ny sanskrit dilinden Google Translate-iň üsti bilen terjime edip bolmasa gerek  diýip, ol belledi.
Şeýle-de, Gupta geljekde Google terjime hyzmatyna Hindistanda geplenilýän 22 diliň goşuljakdygyny habar berdi. Bu «ýakyn ýyllarda» amala aşar diýip, ol takyklady. Mundan hem başga, onuň sözlerine görä, kompaniýa öz hyzmatynda sanskrit dilinden rus diline terjimäniň hem elýeter bolmagynyň üstünde işlär.

 


şu gün 04:00
246

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
849

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...