Google "iň çydamly" Pixel 10a smartfonyny tanyşdyrdy

  • 20.02.2026 12:19
  • 2k+

Google kompaniýasy özüniň täze arzan bahaly smartfony bolan Pixel 10a modelini görkezdi. Kompaniýanyň tassyklamagyna görä, bu model Pixel taryhyndaky iň berk we çydamly smartfondyr.

Pixel 10a dizaýn taýdan öňki modellerine meňzeş bolsa-da, käbir möhüm üýtgeşmeler girizildi. Indi smartfonyň arka paneli doly tekiz görnüşde işlenip düzüldi. Enjam suwdan we tozandan goragyň iň ýokary IP68 standartyna eýe boldy.
6,3 dýuýmlyk displeý çyzylmalara garşy çydamly Corning Gorilla Glass 7i aýnasy bilen goralýar. Täze modelde öňdebaryjy flagmanlarda ulanylýan prosessor we kuwwatly batareýa ýerleşdirildi: Prosessor: Tensor G4. Ýat: 8 GB operatiw ýat (RAM).
Batareýa: 5100 mAh (bu görkeziji uzak ulanyşy üpjün edýär).
Esasy kamera 48 MP, öňdäki (selfi) kamera bolsa 13 MP (Pixel 9a modelindäki ýaly galdy).
Google bu smartfonyň Gemini neýron ulgamy bilen utgaşykly işlejekdigini aýratyn belledi. Emeli aň ulanyjylara surata düşürenlerinde kompozisiýany dogry sazlamaga we suratyň hilini ýokarlandyrmaga kömek eder.
Pixel 10a smartfonynyň dünýä bazaryndaky satuwy 5-nji martda başlar. Ulanyjylar iki sany ýat görnüşini saýlap bilerler:
128 GB wersiýasy: 499 $
256 GB wersiýasy: 599$


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
883

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...