Netflix ilkinji hususy oýun studiýasyny Finlýandiýada açar

  • 30.09.2022 11:15
  • 3.6k+

Netflix kompaniýasy ilkinji hususy oýun studiýasyny işe girizmegiň üstünde işleýär. Öň, striming diňe işläp düzüjileriň üstünlikli taslamalaryny satyn alýardy. Bu barada kompaniýanyň wekilleri resmi saýtda habar berdiler diýip, forbes.ru belleýär.

Kompaniýanyň oýun studiýalary boýunça wise-prezidenti Amir Rahiminiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň ilkinji hususy studiýasy Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde ýerleşer. Studiýanyň müdiri öň EA we Zynga ýaly işläp düzüjilerde işlän Marko Lastikka bolar. Rahiminiň bellemegine görä, Netflix “mahabatsyz we programmalarda satyn almasyz köp sanly ajaýyp we özüne çekiji özboluşly oýunlary hödürlejek dünýä derejesindäki oýun studiýasyny döretmäge ymtylýar”.
Kompaniýanyň wekili Helsinkidäki studiýanyň ilkinji oýnunyň nähili boljakdygyny we onuň haýsy gurluşlar üçin niýetlenjekdigini habar bermedi.
Öň, CNBC her gün Netflix-iň mobil oýunlaryny strimingiň programmasynyň degişli bölüminde onlaýn kinoteatryň abunaçylarynyň umumy sanynyň azyndan 1%-iniň oýnaýandygyny habar berdi. Häzirki wagtda oýun bölüminde jemi 24 taslama hödürlenýär. Bu mukdara platformanyň seriallaryna esaslanýan oýunlar hem girýär. Platforma ony 2021-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizdi. Oýunlar diňe abunaçylar üçin elýeterlidir, ýöne olary aýratyn programma hökmünde ýükläp almaly.


düýn 11:36
1.5k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
4.1k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....