Türkmenistanda harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşuryldy

  • 29.09.2022 01:34
  • 22k+

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Oguzhan» köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. 

Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişi geçip, berkarar Watanymyzyň  goranyş kuwwatynyň kämilligini we Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary taýýarlygyny ýene bir gezek görkezendigini belledi.
Soňra döwlet Baştutany mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge uly şahsy goşant goşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny, şeýle hem harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlaryň dakmak, hünär derejelerini bermek barada Permanlara gol çekendigini aýtdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......