Dubaý Expo-nyň meýdançasynda geljegiň şäherçesini açdy

  • 28.09.2022 20:51
  • 23k+

Dubaý Expo-nyň meýdançasynda geljegiň şäherçesini açdy. Bu barada Euronews ýazýar.

Meýdança 4,5 inedördül kilometr töweregi giňişlikde Expo City Dubai atly hakyky futuristik şähere öwrülmek üçin barha ösýär.  Expo City Dubai-yň resmi inagurasiýasy 1-nji oktýabrda geçer. 
Expo City Dubai-y okuwyň, dynç alşyň we güýmenjeleriň, täzeçe işleýiş usully synaglaryň, startaplaryň zolagyna öwürmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde köp kilometrlik welosiped ugurlary, biçak uly giňişlige ýaýylyp ýatan seýilgähler, şeýle hem bäş kilometre uzaýan ylgaw ýodasy ýerleşýär. Toplumyň çäginde myhmanhana hem bar. Şeýle-de, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem dowam edýär. 
Expo City Dubai-daky durmuşyň artykmaçlygy — islendik nokada 15 minutda baryp bolýar. Amatly ýerleşen pyýadalar üçin ýodalar we awtonom ulag serişdeleriniň ugurlary muňa mümkinçilik berýär.


10.02.2026 08:30
2.7k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder

OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir...

29.09.2024 15:46
5.3k+

Emeli aň arheologlara çölde gadymy obýektleri gözlemäge kömek edýär

Abu-Dabiniň Halifa uniwersitetiniň arheologlary emeli aňyň kömegi bilen çölde arheologiki obýektleri gözlemegiň täze usulyny tapdylar. Bu usul hemra suratlaryny seljermek üçin sintetiki apertura radaryny (SAR)...

23.06.2023 15:54
30k+

Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmagy meýilleşdirýär

Özbegistan emeli ýagyş ýagdyrmakda BAE-niň tejribesini durmuşa ornaşdyrmak isleýär. Bu barada Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow öz Telegram kanalynda ýazypdyr diýip, Trend habar berýär. Onuň sözlerine...

28.03.2023 23:13
9.3k+

BAE bilim ulgamyna ChatGPT-ni ornaşdyrmakçy bolýar

The National-yň hasabatyna görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümet ýolbaşçylary iň uly tehnologiýa ägirtleri bilen hyzmatdaşlykda tutuş ýurtda ChatGPT çat-botuna esaslanýan onlaýn-mugallymlary işe girizmegi...