Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär

  • 27.09.2022 12:50
  • 9.9k+

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Trend agentligine Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça ýurt direktory Artur Andrysýak gürrüň berdi.

"AÖB Türkmenistanyň hökümeti bilen ýurtda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe taslamany taýýarlamagyň üstünde işleýär. Bu taslamalar demir ýollary döwrebaplaşdyrmaga, energiýanyň we energonetijeliligiň täzeden dikeldilýän çeşmelerinde kiçi we orta telekeçiligi eksport edijileri maliýe taýdan goldamaklyga gönükdirilendir" diýip, Andrysýak aýdýar.

Şeýle-de, AÖB energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, agrobiznes ugurlarynda we beýleki gelejegi bar ugurlarda hususy sektory maliýeleşdirmek üçin taslama mümkinçiliklerini  görkezmegini dowam edýär.

"Ýakynda biz 2024-2028 ýyllar aralygyny öz içine aljak we ýurdy ösdürmegiň täzelenen strategiýasyna laýyklykda täze ugurlar hakynda AÖB-ny habarly etmäge ýardam berjek, hyzmatdaşlygyň indiki ýurt strategiýasynyň üstünde işlemäge başlarys. Bu babatda bank Türkmenistanyň hökümeti we beýleki esasy gyzyklanýan taraplar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolar" - diýip, ýurt direktory aýtdy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......