Maryda we Lebapda «KamAZ-yň» okuw we tehniki hyzmat merkezleri açyldy

  • 26.09.2022 10:13
  • 14k+

25-nji sentýabrda Mary we Lebap welaýatlarynda täze desgalaryň — «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabaralary geçirildi.

Tehniki taýdan hyzmat etmegiň nobatdaky merkezleriniň gurulmagy döwlet Baştutanynyň strategiýasynyň durmuş-ykdysady ugurlarynyň biri bolup, ulag ulgamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyry hasaplanýar.
Döwlet düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalary «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasy bilen “KamAZ” kysymly awtoulaglary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almaga şertnamalary baglaşyp bilýärler.
«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berildi. «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça Mary welaýatynda “Askan” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatynda bolsa “Awtotrans” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan merkezleriň her günde 10 ulaga çenli hyzmat etmegi göz öňünde tutulypdyr.


Täze okuw we tehniki hyzmat merkezleri dolandyryş binasyny, ammary hem-de abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bölümi özünde jemleýär. Şeýle-de bu ýerde awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen ýer, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Bu toplumlaryň köp bölegi ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryna niýetlenendir. Ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi şaýlary gysga wagtda çalyşmaga mümkinçilik berer.
«KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin nobatdaky okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralara ýurdumyzyň ulag ulgamynyň, «KamAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. 


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......