«Türkmenawtoulaglary» Ýaponiýadan 1250 sany orta we kiçi synply awtobuslary satyn alar

  • 24.09.2022 01:59
  • 31k+

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi 1000 sany «Toyota Coaster» kysymly orta synply we 250 sany «Toyota Hiace» kysymly kiçi synply awtobuslary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda degişli resminama gol çekildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda şeýle hem bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylary ulag serişdeleri bilen üpjün etmegiň maksatnamasy taýýarlanyldy.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......