Bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň wezipe birlikleriniň birkysmy sanawy işlenip düzüler

  • 23.09.2022 23:58
  • 21k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we ýolbaşçylarynyň wezipe birlikleriniň birkysmy sanawynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça teklip bilen çykyş etdi. Bu barada wise-premýer 23-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer bilim ulgamynyň edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek, bu ulgamda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirilişini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman bilim syýasatynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky zerur bolan resminamalary döwrüň anyk ýagdaýlaryna hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyk getirilmegine uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de wise-premýere ugurdaş düzümler bilen birlikde hödürlenen teklibi has içgin öwrenmegi tabşyrdy.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......