Şawkat Mirziýoýew türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2022 22:38
  • 8.8k+

22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçip, oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklarda depginli ösüşi kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen birlikde, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.


03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.7k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....

25.05.2026 11:17
9.9k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....