Ýaponiýada elektromobiller üçin simsiz zarýad berýän ýollary synagdan geçirilip başlandy

  • 22.09.2022 11:51
  • 9.8k+

Ýaponiýada elektrokarlara zarýad bermek üçin oturdylan modully ýol örtüklerini synagdan geçirmäge başladylar. Taslamany ýerli Obayashi gurluşyk kompaniýasy we ulagyň şaý toplumlaryny öndüriji Denso durmuşa geçirýär diýip, Nikkei ýazýar. Taraplar tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň taýýar tehnologiýasyny 2025-nji ýyla çenli çykarmagy göz öňünde tutýarlar.

Obayashi ýörite güýçlendirilen betony işläp taýýarlaýar. Ol ulagyň standart ýol agramyna çydamly bolmaly we şol bir wagtda zarýad komponentlerini üstki gatlaga aňrybaş golaý ýerleşdirmäge mümkinçilik bermeli.
Denso katuşkalaryň we beýleki elektriki bölekleriň döredilişine jogap berýär.
Synag geçirijiler ýapyk poligonda ykjam elektromobiliň säginmesiz hereket eder ýaly ýagdaýda bolmagyny gazandylar: ol ähli zerur energiýany gidip barşyna ýüzugra almaga ýetişýärdi. Dogry, hereketiň tizligi bary-ýogy 15 km/sag boldy.
Tizligiň pesligi synag geçirijileri alada goýanok. Birinjiden, ýapyk çäklerde hereket edýän şatllar ýa-da şäher awtobuslary üçin şolam ýeterlik. Ikinjiden, taslamanyň üstünde işleniberse, tizligi artdyrmak başartsa gerek.
Ýöne baha meselesi hem bar. Ýol gatlagyna goşmaça elementleriň girizilmegi ýol gurluşygynyň we ýollaryň soňraky abatlaýyş işleriniň bahasyny ganymat gymmatladar. Ondan hem başga, simsiz zarýadnikleriň özi hem kuwwatly (gymmat) bolmaly, sebäbi onuň üstündäki asfalt gatlagy we beton bölünip çykýan energiýanyň bir bölegini özüne siňdirer.


düýn 18:51
3.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....