Alymlar Ýer ýüzündäki ähli garynjalary sanadylar

  • 21.09.2022 14:13
  • 35k+

Ýer ýüzünde, takmynan, 20 kwadrillion garynja ýaşaýar. “Washington Post” gazetiniň habar bermegine görä, şeýle netijä Gonkong uniwersitetiniň gözlegçiler topary geldi. Muny MIR24 ýetirýär.

Neşiriň bellemegine görä, alymlar garynjalaryň ýaşaýşy barada 489 sany ylmy işi seljerip, bu mör-möjekleriň umumy massasyny 12 megatonna uglerod süýümi bilen deňeşdirip bolýandygyny we munuň ähli guşlary we süýdemdirijileri bilelikde alanyňda-da köpdügini anykladylar. Ýeriň ýüzünde her bir adama, takmynan, 2,5 mln garynja düşýär.
Gözlegiň esasy awtory, Germaniýanyň Wýursburg uniwersitetiniň ylmy işgäri Patrik Şulthaýsyň gürrüň bermegine görä, garynjalary sanamak ýüzýyllygyň dowamynda zähmet çeken “dürli ýurtlardan müňlerçe awtoryň” maglumatlary netijesinde mümkin boldy. Hasaplama iki usul arkaly alnyp baryldy: garynjalar tarapyndan üstünden geçilen ýere gaçan ýapraklaryň nusgalarynyň, şeýle-de mör-möjekler üçin ýörite duzaklaryň kömegi bilen.
Gözleg dünýäniň ähli ýerinde diýen ýaly geçirildi, ýöne Afrikanyň we Aziýanyň birnäçe sebitleri boýunça maglumatlar ýok diýip, neşir belleýär. Garynjalar Antarktidadan we Arktikadan başga ähli yklymlarda we klimat zolaklarynda bar. Olar, esasan, tropiki we subtropiki sebitlerde köpdür.
Gazetiň anyklaşdyrmagyna görä, gözlegçileri gyzyklandyrýan indiki sorag – wagtyň geçmegi bilen garynjalaryň sanynyň üýtgemegidir.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....