BMW elýeterli i1 we i2 elektrokarlaryny çykarmaga taýýarlanýar

  • 20.09.2022 16:55
  • 8.9k+

BMW kompaniýasy 2027-nji ýylda möwriti geçip barýan i3-iň yzyny dowam etdirjek elýeter elektrokary bazara çykarmagy mümkin. Bimmer Post portalynyň habar bermegine görä, iş ýüzünde i1 diýip atlandyryljak bu modeli eýýäm Neue Klasse platformasy bilen parallel işlenip taýýarlanyp başlandy. Bir ýyldan soň oňa  birneme gymmadrak BMW i2 hem goşular.

Täze platformadaky iň elýeter elektromobil BMW, megerem, hetçbek görnüşli kuzowa eýe bolsa gerek, ýöne onuň sedan ýaly goýberilmegi hem mümkin.
Elektrokrossoweriň iX1 indeksli 1 seriýasy kompaniýada eýýäm bar  we onuň ikinji nesli hem Neue Klasse platformasynda esaslandyrylar.
Deslapky maglumatlara görä, BMW i1 2027-nji ýylyň noýabrynda dünýä çykar. 2028-nji ýylda kompaniýa BMW i2 bilen tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar. Ol dürli çaklamalara görä, iki gapyly kupe hem, dört gapyly kupe hem bolup biler ýa-da häzirki Active Tourer görnüşli we şol pisindräk  bolmagy ahmal.

Şeýle hem okap bilersiňiz:


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......