Volkswagen täze Polo Sedan bilen tanyşdyrdy

  • 18.09.2022 10:40
  • 12k+

Volkswagen kompaniýasy ýeňil Polo Sedan awtoulagynyň täze modeli bilen tanyşdyrdy. Awtoulag Günorta Afrika Respublikasyna niýetlenýär we bu ýurda Hindistandan eksport edilýär. Bu baradaky habar kompaniýanyň günorta afrika bölüminiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir.  

Täze ulag Volkswagen Virtus modeliniň biraz çöwreräk görnüşine meňzeş. Bahasy 318 300 günorta afrika rendinden (1 rend=0,056642 dollar) başlanýar. Ulagyň top wersiýasyny 365 500 günorta afrika rendine satyn alyp bolýar.
Volkswagen Polo täze liftbek kuzowynda hödürlenýär. Bu ýüküň agramyny artdyrmagyň we uly gabaraly ýükleri daşamagyň mümkinçiligini giňeldýär diýip, saýtda tassyklanýar.

Şeýle-de, täze ulagyň başlangyç toplumy wersiýasyna baglylykda reflektor ýa-da prožektor görnüşli öňdäki swetodiod faralary bilen enjamlaşdyrylýar diýip tassyklanýar. 
Täze ulagy alternatiwasyz kuwwaty 110 at güýjüne deň bolan  1,6 litrlik benzin motorly satyn alyp bolýar. Gurluş bäşbasgançakly mehanika ýa-da altybasgançakly Tiptronic awtomatik geçiriji korobka bilen bilelikde işleýär.  


18.12.2025 12:17
5k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...

15.12.2025 12:11
11k+

Dünýäde iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtingi çap edildi: Toyota — lider, BYD top-5-de

Toyota 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda awtomobil satuwynyň möçberi boýunça ägirt uly artykmaçlygy saklaýar – Ýaponiýanyň awtoägirdi 4,73 million sany ulag satdy (ýyllyk görkezijide 6% ösüş). Şol bir wagtda Hytaý öndürijileri BYD we Geely reýtingde öz orunlaryny ep-esli berkitdiler...

26.11.2025 12:09
3.2k+

Volkswagen Passat sedany täze, gibrid wersiýasyna eýe boldy

Volkswagen kompaniýasy Passat ePro atly goşmaça gibridli (hybrid) Passat sedanyny tanyşdyrdy. Autonews-iň habar bermegine görä, ulagyň premýerasy Guançžou Awto sergisinde boldy. Bu täzelik Hytaý bazary üçin SAIC we nemes kompaniýasy Volkswagen-iň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan döredildi...

18.10.2025 23:02
3.5k+

Volkswagen kompaniýasy Touareg krossoweriniň hoşlaşyk wersiýasyny çykarýar

Volkswagen kompaniýasy 2026-njy ýylda Touareg krossowerini çykarmagy bes edýändigini mälim etdi. Bu waka mynasybetli brend modeliň hoşlaşyk wersiýasyny – Final Edition-y hödürledi. Adaty wersiýalardan tapawutlylykda...