Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar

  • 03.07.2025 18:20
  • 3.4k+

Volkswagen ýolagçy howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik sebäpli dünýäde 16 510 ulagy yzyna çagyrmaklyga girişdi. Kompaniýada kemçiligiň gaz generatory bilen baglanyşyklydygyny, onuň çaknyşyk wagtynda zerur goragy üpjün edip bilmejekdigini habar berdiler. Mundan başga-da, enjamyň korpusynyň ýarylmagy we ownuk bölekleriniň uçmagy töwekgelçiligi bar, bu agyr şikeslere sebäp bolup biler.

Yza çagyryş brendiň birnäçe modelini: Polo, Taigo, Passat, ID.7, ID.7 Tourer, şeýle hem ID. Buzz elektrik mikroawtobusy ýaly modellerini öz içine alýar. Volkswagen bu awtoulaglaryň eýelerine ýazan hatynda kemçilik düzedilýänçä öňdäki ýolagçy oturgyjyny ulanmazlygy maslahat berýär.
Import ediji kemçiligiň ozal bütin dünýäde uly yza çagyryşlara sebäp bolan Takatanyň öndüren howa ýassyklary bilen baglanyşykly däldigini düşündirdi.
Markanyň flagman awtoulaglarynyň hataryna girýän ID.7-ä we ID. Buzz-a aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan bu awtoulaglary barlamak we abatlamak ileri tutulýan ugur hasaplanýar.


14.05.2026 11:11
4.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.4k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......