Volkswagen täze Polo Sedan bilen tanyşdyrdy

  • 18.09.2022 10:40
  • 12k+

Volkswagen kompaniýasy ýeňil Polo Sedan awtoulagynyň täze modeli bilen tanyşdyrdy. Awtoulag Günorta Afrika Respublikasyna niýetlenýär we bu ýurda Hindistandan eksport edilýär. Bu baradaky habar kompaniýanyň günorta afrika bölüminiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir.  

Täze ulag Volkswagen Virtus modeliniň biraz çöwreräk görnüşine meňzeş. Bahasy 318 300 günorta afrika rendinden (1 rend=0,056642 dollar) başlanýar. Ulagyň top wersiýasyny 365 500 günorta afrika rendine satyn alyp bolýar.
Volkswagen Polo täze liftbek kuzowynda hödürlenýär. Bu ýüküň agramyny artdyrmagyň we uly gabaraly ýükleri daşamagyň mümkinçiligini giňeldýär diýip, saýtda tassyklanýar.

Şeýle-de, täze ulagyň başlangyç toplumy wersiýasyna baglylykda reflektor ýa-da prožektor görnüşli öňdäki swetodiod faralary bilen enjamlaşdyrylýar diýip tassyklanýar. 
Täze ulagy alternatiwasyz kuwwaty 110 at güýjüne deň bolan  1,6 litrlik benzin motorly satyn alyp bolýar. Gurluş bäşbasgançakly mehanika ýa-da altybasgançakly Tiptronic awtomatik geçiriji korobka bilen bilelikde işleýär.  


şu gün 09:33
239

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......