Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

  • 03.07.2025 10:54
  • 5.6k+

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler.

«S-CORE» diýlip atlandyrylýan taslama elektromobiller, sürüjisiz hem-de birikdirilen ulag serişdeleri üçin modul görnüşli we howpsuz sanly platformany döretmegi maksat edinýär.
«S-CORE» ulanyja gönüden-göni görünmeýän programma modullaryny – tapawutlandyryp bolmaýan komponentleri öz içine alýar. Bu ýerde, esasan, operasion ulgam bilen goşundylaryň arasyndaky maglumat alyş-çalşygy, howpsuzlyk we interfeýsler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bolsa, her bir kompaniýa öz awtoulaglarynyň wizual görnüşinde we ulanyjy interfeýsinde özboluşlylygyny saklap galar.
Taslamanyň maksady – awtoulag senagatynyň sanly ösüşini çaltlaşdyrmak hem-de bu ugurda Ýewropanyň ABŞ we Hytaý bilen arasyndaky tehnologik aratapawudyny azaltmakdyr. Volkswagen kompaniýasynyň öňki aýratyn taslamasy bolan Cariad-dan tapawutlylykda, bu gezek kompaniýalar bilelikde işleşerler. Olaryň pikirine görä, bu usul çykdajylary azaldyp, netijeliligi ýokarlandyrar.
Işläp düzüjiler platformanyň ilkinji işjeň wersiýasyny 2026-njy ýylda hödürlemegi meýilleşdirýärler. 2030-njy ýyla çenli bolsa onuň köpçülikleýin önümçilige doly ornaşdyrylmagyna garaşylýar.


04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......