Subaru XV krossoweriniň täze neslini görkezdi

  • 20.09.2022 14:43
  • 14k+

Subaru kompaniýasy krossower XV-iň täze neslini görkezdi. Ýaponlar ulagyň adyny üýtgedip, Crosstrek diýip atlandyrmagy makul tapdylar.

Ýaponiýada awtoulagyň üçünji nesli indiki ýyl müşderilere ýetiriler, täze ulagyň bahasy heniz belli däl.
Awtoulag SGP-niň (Subaru Global Platform) döwrebaplaşdyrylan platformasynda guruldy. Krossower swetodiod optikasyna, üçegi reýlinglere, radiatory täze gözenege we beýleki bamperlere eýe boldy. Şeýle-de, ulag puržinleriniň we amortizatorlarynyň häsiýetnamalary gowulandyrylan döwrebap podweska bilen üpjün edildi. Crosstrek-iň klirensi — 200 mm.
Ulagyň salonynda priborlaryň täze paneli we 11,6 dýum diagonally media ulgamyň kese displeýi gurnaldy. Ulag üçin howpsuzlygyň EyeSight Safety Plus şereket bukjasy teklip edilýär. Oňa şular girýär: awtomatik tormoz ulgamy, adaptiw kruiz-kontrol we akseleratory heläkçiligiň öňýany dolandyryş ulgamy. Mundan hem başga, Subaru XV-iň enjamlarynyň hatarynda kör zolaklaryň monitoringiniň funksiýasy, hereket zolagynda saklamaga ýardam berýän ulgam we sürüjiniň ýadawlygyna baha berýän ulgam bar.


Krossoweri gibrid güýç gurluşy herekete getirýär. Onuň düzümine: 2,0 litrlik benzin motory, wariator we elektrohereketlendiriji girýär. Priwody — diňe doly. Subaru Crosstrek-iň dinamiki häsiýetnamasy heniz belli däl.


12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

29.05.2026 16:35
6.8k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

15.05.2026 09:20
6.7k+

Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin......