Nissan Ýaponiýada 1 mlrd-lyk taslamasyny ýatyrýar. Kompaniýa ýitgiler sebäpli çykdajylaryny azaldýar

  • 12.05.2025 16:32
  • 3.3k+

Nissan Motor kompaniýasy Ýaponiýanyň Kitakyusýu şäherinde elektrik ulaglary üçin LFP batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy goýbolsun etdi. Taslamanyň bahasy 153,3 milliard ýena (takmynan 1,05 milliard dollar) bolmalydy diýip, Reuters belleýär.

Zawodyň 500 töweregi iş ýerini döretmegine garaşylýardy.
Gurluşygy goýbolsun etmek karary häzirki ykdysady ýagdaýda maýa goýumlaryň pes netijeliligi bilen düşündirilýär. Döwlet subsidiýasy 55,7 milliard ýena çenli bolup bilerdi. Onda 2028-nji ýylyň iýulyna çenli önümçilige başlamak  meýilleşdirilipdi. Zawodyň ýyllyk kuwwatynyň 5 GWt·s-a ýetmegine garaşylýardy.
Taslama elektrik ulagyny ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidi. Emma aprel aýynda Nissan-yň baş müdiriniň wezipesni Iwan Espinosa eýeledi. Ol üýtgedip gurmaga başlady: kompaniýa işgärleri gysgaldýar, zawodlaryny ýapýar we önümçiligiň göwrümini kiçeldýär.
Şol aýda hem Nissan soňky maliýe ýylynda 750 milliard ýena (takmynan, 5,14 milliard dollar) töweregi arassa ýitgi çekjekdigini çaklapdy. Öňümizdäki günlerde kompaniýanyň ýolbaşçylary täzelenen maliýe çaklamasyny we dikeldiş meýilnamasyny hödürlemegi wada berýär.
Gurluşygyň ýatyrylmagy kompaniýanyň uzak möhletleýin strategiýasyna täsir edip we elektrik ulaglarynyň hatarynyň ösüşini haýalladyp biler diýip, Reuters belleýär.


12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

08.06.2026 16:02
2k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.6k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....