Diňe benzinli Corolla-lar geçmişde galdy. Toyota 15 700 dollardan täze gibrid Corolla-ny hödürledi

  • 11.05.2025 22:25
  • 11k+

Toyota Ýaponiýada Corolla awtomobilleriniň täzelenen hataryny hödürledi we ýurtda satylýan ähli modelleriň indi diňe gibrid boljakdygyny habar berdi. Bu awtomobilleriň hem benzin, hem elektrik hereketlendirijisini ulanjakdygyny aňladýar.

Gibrid ulgamy 72 kWt kuwwatly 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisine eýe boldy. Öňdäki herekete getirijili wersiýada 70 kWt kuwwatly elektrik hereketlendirijisi bar. Doly herekete getirijili wersiýada bolsa yzky okda 30 kWt kuwwatly goşmaça elektrik hereketlendirijisi oturdyldy.
Ähli modeller indi ýazgy funksiýasy bilen öňdäki we yzky wideo registratorlaryna hem-de sanly açar goldawyna eýe boldy. Bularyň ählisi awtomobiliň adaty enjam üpjünçiligine girýär. Şeýle-de, sürüjä kömek ulgamlary, şol sanda “kör zolaga” gözegçilik, awtomobilden çykylanda duýduryş we awtoduralga kömekçisi goşuldy.


G wersiýada (sedan we uniwersal) awtomobiller dumana garşy yşyk diodly faralara we 16 dýuýmlyk alýumin disklere eýe boldy. Esasy wersiýa X 15 dýuýmlyk polat diskleri bilen enjamlaşdyryldy. Modelleriň ählisiniň öňünde we yzynda yşyk diodly çyralar bar.
Esasy model Corolla Hybrid X-iň bahasy 15 700 dollardan başlaýar. Iň ýokary wersiýa Corolla Sport E-Four Special Edition Touring Car-yň bahasy 23 600 dollara barabar.


şu gün 21:15
447

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....