Serdar Berdimuhamedow Yslam Karimowyň mawzoleýine gül goýdy

  • 15.09.2022 12:45
  • 18k+

«Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde dostlukly ýurduň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralady» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutany Özbegistanyň görnükli syýasy işgäri, ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna Samarkantda gurlan mawzoleýe baryp, gül dessesini goýdy we türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.
Ýeri gelende bellesek, bu mawzoleý Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen gurlup, ýurduň ilkinji Prezidentiniň doglan gününiň 80 ýyllygynyň bellenilen gününde — 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda açyldy. Ol Garaşsyz Özbegistany gurmak ugrunda irginsiz tagalla eden özbek halkynyň wepaly oglunyň hormatyna gurlan ýadygärlikleriň iň gelim-gidimlileriniň biridir.


03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 09:51
3.7k+

Namangandaky halkara gül festiwaly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen 65-nji halkara gül festiwaly, onuň guralmagy üçin bir aýyň dowamynda 29,4 milliondan gowrak ösümlik oturdylandan soň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi....

25.05.2026 11:17
9.9k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....