Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara haryt dolanyşygy ýylda 2 mlrd dollara ýeter

  • 09.09.2022 15:51
  • 8k+

Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Jamşid Hodžaýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň Daşkentde bolan duşuşygynyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň depginli ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň 2022-2025 ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň, maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine seredildi.
Şeýle-de duşuşyk mahalynda, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 67% artyp, 902 mln dollara ýetendigi, üstümizdäki ýylda bolsa alty aýyň içinde bu görkezijiniň ýene 9%  — 486 mln dollara çenli ýokarlanandygy bellenildi. Muňa garamazdan, söhbetdeşler özara söwdanyň göwrümini has hem artdyrmagyň — ýakyn geljekde ýylda 2 mlrd dollara ýetirmegiň möhümdigini nygtadylar.  
Mundan hem başga, özbek ministri we türkmen wise-premýeri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki özbek-türkmen toparynyň 17-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar dokma, derman senagaty, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň sanyny artdyrmak barada ylalaşdylar, şeýle hem ýeňil ulaglary we oba hojalyk tehnikalaryny bilelikde öndürmeklige, Türkmenistanda durmuş maksatly tehnikalary bilelikde çykarmagy guramaklyga, iki ýurduň çägi boýunça ýükleriň geçişini  we deňiz duralgalaryny hem ulanmak arkaly, halkara ulag geçelgeleri boýunça daşaýyşlary guramaklygy stimulirlemeklige gyzyklanma bildirdiler.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......