Kataryň häkimiýetleri syýahatçylar üçin giriş düzgünlerini ýönekeýleşdirdi

  • 08.09.2022 14:29
  • 11k+

Kataryň häkimiýetleri syýahatçylar üçin giriş düzgünlerini mümkin boldugyndan ýönekeýleşdirdi diýip, Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Ýagny, indi daşary ýurtly syýahatçylara sanjym şahadatnamasynyň gerek däldigi habar berilýär. Diňe uçuşdan azyndan 48 sagat öň tabşyrylan otrisatel PZR-barlagynyň ýa-da uçuşdan 24 sagat öň tabşyrylan ekspress barlagyň bolmagy ýeterlikdir. Bu düzgün çagalara-da degişlidir. Barlaglaryň netijeleri iňlis dilinde tabşyrylmaly.
Şeýle-de, ýurda girmezden üç gün öň www.ehteraz.gov.qa portalynda hasaba alynmaly we daşary ýurt pasportynyň ilkinji sahypasyny sistema ýüklemeli. Ýurda girmek üçin EHTERAZ mobil programmasyny işjeňleşdirmeli. Ol Katarda ähli jemgyýetçilik ýerlerine barmak üçin gerekdir.
Noýabr aýynda Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty başlaýar. Ýurda girmek üçin täze düzgünler 4-nji sentýabrdan hereket edip başlady.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......