Pakistan kyn döwürdäki ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

  • 07.09.2022 09:21
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna pakistan tarapyndan hat gelip gowuşdy. Onda Türkmenistanyň tebigy betbagtçylyk zerarly Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna iberen ynsanperwerlik kömegi we goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Hatda iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhy-medeni kökleriniň bardygy bellenilýär. Türkmen tarapynyň kömegi şu kyn döwürde uly ähmiýete eýedir.
Ýeri gelende bellesek, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köp sanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda, dostlukly pakistan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukmançylyk serişdeleri, azyk we beýleki harytlar ynsanperwerlik kömegi hökmünde pakistan tarapyna ýetirildi. 5-nji sentýabrda ynsanperwerlik ýüki bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy.


şu gün 13:44
946

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......