Gurbanguly Berdimuhamedow Sakarçägede mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenen täze ýaşaýyş jaýyny açdy

  • 05.09.2022 01:58
  • 73k+

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Sakarçäge etrabynyň merkezinde ulanmaga berilýän 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze açylýan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurlandygyny aýtmak gerek.
Soňra hormatly Arkadagymyz mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň barşynda täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden etrabyň Çaşgyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Ý.Çaryýewiň öýüne baryp gördi. Öý eýesi 2006-njy ýylda maşgala gurandyklaryny, bir oglunyň bardygyny, bu gün bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ulanmaga berlen täze jaýa göçüp gelmek bagtynyň miýesser edendigini uly buýsanç bilen gürrüň berdi.
Gahryman Arkadagymyz öý eýeleriniň iş, durmuş şertleri, hal-ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanyp, öý eýesi bilen bilelikde täze jaýyň otaglary bilen tanyşdy. Öýüň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň ýerleşdirilişi bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Hormatly Arkadagymyz bu ýerde öý eýesine haýyr-sahawat gaznasyndan täze arabany, şeýle-de maşgala agzalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy. Öý eýeleri özlerine bildirilen uly hormat üçin  hoşallygyň nyşany hökmünde hajy Arkadagymyza toý düwünçegini gowşurdylar.

 


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....