Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty (05.09 — 11.09)

  • 04.09.2022 19:04
  • 28k+

Güýzüň diýseň yssy gelen ilkinji hepdesinden soň, öňümizdäki hepdäniň ahyrynda Türkmenistana salkyn howa aralaşar. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda howa has hem salkynlar, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda bolsa hepdäniň ortaça temperaturasy öňküsinden bary-ýogy iki dereje düşer.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, iki dereje aşaklap, +35 dereje bolar. Duşenbe we sişenbe günleri howanyň  +38 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni özi bilen +34 dereje yssyny getirer. Penşenbe güni howanyň +36 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Anna güni temperatura +35 dereje, dynç günleri bolsa +32 dereje bolar diýip garaşylýar.

Balkan welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, birbada alty dereje aşaklap, +33 dereje bolar. Duşenbe güni özi bilen +40 dereje yssyny getirer, ýöne sişenbe güni eýýäm aňrybaş temperaturanyň +35 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar.
Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +33 derejä çenli aşaklar. Penşenbe güni özi bilen +35 dereje yssyny getirse gerek. Anna güni temperaturanyň +31 dereje, şenbede bolsa +32 dereje bolmagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni temperatura +31 dereje töweregi bolar diýip garaşylýar. 

Daşoguz welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, birbada alty dereje aşaklap, +32 dereje bolar. Duşenbe we sişenbe günleri howa +39 dereje bolar. Çarşenbede aňrybaş temperatura +31 derejä çenli aşaklar. 
Penşenbe we anna günleri howa +32 derejä çenli gyzar. Şenbe güni termometriň sütünjigi +30 derejä çenli aşaklar, ýekşenbe güni bolsa gündizine aňrybaş temperatura +23 derejeden ýokary bolmaz.

Mary welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepde bilen deňeşdirilende, bary-ýogy bir dereje aşaklap, +37 dereje bolar. Duşenbeden anna çenli sebitde +39 dereje töweregi yssy howa saklanar, diňe şenbe güni +38 dereje bolmagyna garaşylýar, ýekşenbede bolsa aňrybaş temperatura  birden +33 derejä çenli aşaklar.

Lebap welaýatynda Mary welaýatyndaky ýaly, Lebapda hem hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, ýekeje dereje aşak düşüp, +37 dereje bolar. Duşenbe güni özi bilen +39 dereje, sişenbe we çarşenbe günleri bolsa +40 dereje yssyny getirer. Penşenbe we anna günleri aňrybaş temperaturanyň +38 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni termometriň sütünjigi +33 derejä çenli peseler.


06.04.2026 11:49
15k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......

16.03.2026 15:11
12k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

09.03.2026 15:25
17k+

Gijelerine -10 °C we sowuk şemal: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bu hepde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, käbir ýerlerde howanyň temperaturasy gijelerine -10 gradusa çenli peseler...