ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi

  • 04.09.2022 12:39
  • 23k+

ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule halkara jemgyýetçiligini her bir çaganyň bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça tagallalary “kollektiw mobilizlemäge” çagyrdy. Bu barada BMG-niň saýty belleýär.

“Dünýäniň köp ýurtlarynda täze okuw ýyly başlaýar. Bu waka şatlyk bilen doldurylmaly, ýöne ol bize bilime elýeterlilikde deňsizligiň bardygyny hem ýatladýar: 244 mln çaga henizem okuwa baryp bilmeýär. Biz bu ýagdaý bilen ylalaşyp bilmeris. Bilim – bu hukuk we biz bu hukugyň berjaý edilmegi üçin elimizden gelenini etmeli” – diýip, ÝUNESKO-nyň Baş direktory aýdýar.

ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, mekdebe barmaýan çagalaryň köpüsi Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlarynda ýaşaýar. Ol ýerde 98 mln gyzyň we oglanyň okamaga mümkinçiligi ýok.
Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynda 85 mln çaga mekdebe gitmeýär. ÝUNESKO şeýle görkeziji bilen halkara jemgyýetçiliginiň 2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin ýokary hilli bilimi göz öňünde tutýan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň kyn boljakdygyndan çekinýär. Pandemiýanyň iň ýokary derejesinde, takmynan, 1,6 mlrd mekdep okuwçysy we talyp bilim almagyny bes etmäge mejbur boldy.
Pandemiýa sebäpli mekdepleriň ýapylmagy bilim almakda nogsanlyklara sebäp boldy. Pes we orta girdejili ýurtlarda 10 ýaşly çagalaryň, 2019-njy ýyldaky 57% bilen deňeşdirilende, 70 göterimi ýönekeý teksti okap bilmeýär.

“2020-nji ýylyň başynda, heniz pandemiýadan öň, 259 mln çaga mekdebe barmaýardy, bu bolsa bu ýaş toparynda dünýä ilatynyň altydan bir bölegine deňdir. Şeýle-de, 770 milliondan gowrak ulular okap ýa-da ýazyp bilmeýärdi we olaryň üçden iki bölegini aýallar düzýärdi, bu hem deňsizligiň bardygyna şaýatlyk edýär” – diýip, öň ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy aýtdy.

19-njy sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda bilimi özgertmek boýunça sammit geçiriler. Bu sammit bu möhüm meselelere garamak üçin dünýä liderlerini, ýaş adamlary we bilim prosesine gatnaşýan ähli gyzyklanma bildirýän taraplary bir ýere ýygnajak ilkinji çäre bolar.


14.05.2026 17:00
2.7k+

ÝUNESKO: Dünýä boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany 25 ýylyň içinde 2,5 esse artdy

Dünýä boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany soňky çärýek asyryň dowamynda iki esseden gowrak artyp, 2024-nji ýylda 269 milliona ýetdi. ÝUNESKO-nyň ýokary bilim ulgamyndaky tendensiýalar baradaky......

20.04.2026 16:20
1.8k+

Türkmenistanyň YA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ÝUNESKO-nyň «Sanly ylym» kafedrasy açyldy....

26.03.2026 13:54
1k+

Dior we ÝUNESKO zenanlaryň bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy uzaltdy

Dior moda öýi zenanlaryň bilimini goldamaga gönükdirilen Women@Dior maksatnamasynyň çäginde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada karara geldi. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

10.11.2023 14:20
7.9k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ÝUNESKO-nyň Instituty bilen hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyna gol çekdiler

9-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary...