Tesla täze dizaýnly Semi ýük ulagyny görkezdi

  • 02.09.2022 17:23
  • 20k+

Tesla kompaniýasy öz Semi elektrik ýük ulagynyň täze suratlaryny çap etdi. Insideevs portalynyň tassyklamagyna görä, gürrüň modeliň soňky, tapgyrlaýyn wersiýasy hakynda barýar. Suratda köp ýük göteriji ulag öň görkezilen prototiplerinden dizaýny bilen tapawutlanýar.

Şeýlelikde, «ýaşyl» ýük ulagy täze gapy eltutarlaryna, üýtgedilen optika we yzy görkezýän uly aýnalara eýe boldy. Ulag üstümizdäki ýylyň ahyrynda getirilip başlanar diýip garaşylýar. Ilkibaşda Tesla Semi 500 mil (804 km) ýöreýiş ätiýaçlygy berlen wersiýada goýberiler. Biraz soň amerikalylar ýük ulagyň 500 km ýöreýiş ätiýaçlygy bolan has elýeter wersiýasyny hem goýbermegi meýilleşdirýärler.
Täze ýük ulaglarynyň bahasynyň näçe boljagy heniz belli däl. Öň «500 milli» wersiýa alyjylara 180 müň dollara düşer diýip garaşylýardy. Emma indi çaklanyşyna görä, ulagyň bahasy 200 müň dollardan geçse gerek.
Tesla Seminiň güýç gurluşynyň düzümine dört elektrohereketlendiriji girer. Deslapky maglumatlara görä, ýük ulagy duran ýerinden 5 sekuntda 100 km/s-e çenli tizligini artdyryp bilýär, agramy 40 tonna bolan tirkegli bolsa 20 sekuntda şol tizligi alyp bilýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......