Serdar Berdimuhamedowyň Katara saparyny guramak üçin gepleşikler geçirilýär

  • 31.08.2022 11:38
  • 8.7k+

30-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi saparynyň guralmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, telefon arkaly gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerimi boýunça pikir alşyldy. Daşary işler ministrleri Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň işiniň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdiler we onuň üçünji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek barada ylalaşdylar.
Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary şu ýylyň güýzüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň guralmagynyň zerurdygyny nygtadylar.


13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 07:42
2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......