Apple geljekki VR-gurluşlary üçin Reality haryt nyşanlaryna patent alar

  • 30.08.2022 18:34
  • 6.6k+

Apple kompaniýasy wirtual hakykat (AR/VR) gurluşynyň dörediljekdigine şaýatlyk edip biljek “Reality” sözi bilen birnäçe haryt nyşanyny hasaba almagy meýilleşdirýär, onuň tanyşdyrylyşy 2023-nji ýylda bolup biler.

Bu barada Bloomberg kompaniýanyň ABŞ-da, ÝB-de, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada, Saud Arabystanynda, Kosta-Rikada we Urugwaýda beren arzalaryna salgylanyp habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.
Kompaniýa öň haryt hyşanlaryny hasaba almak üçin ulanylan ofşor kompaniýalaryň we hukuk firmalarynyň ulgamy arkaly Reality One, Reality Pro we Reality Processor brendlerini hasaba almak üçin arza tabşyrdy. Bloomberg-iň belleýşi ýaly, “Reality” sözi ahyrky önümiň adynda ulanylyp bilner.
Apple gurluşy wirtual we üsti ýetirilen hakykat tehnologiýalaryny öz içine alar diýlip çak edilýär. Şeýlelik bilen, kompaniýa häzirki wagtda öňdebaryjy VR-şlemlerini öndürijileriň biri bolan Meta Platforms Inc. bilen bäsleşmekçi bolýar. Soňky gezek Apple täze gurluşy ýedi ýyl mundan ozal hödürledi, şonda bu Apple Watch smart sagatlary bolupdy.
Kompaniýanyň wekili teswir bermekden saklandy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....