Ärdogan Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalarynyň işine ýokary baha berdi

  • 26.08.2022 09:54
  • 12k+

“Dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk-potratçy kompaniýalarynyň 250-siniň 48-si Türkiýäniň kompaniýalarydyr. Munuň özi biziň ýurdumyz üçin buýsançly ýagdaý bolup durýar” diýip, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belleýär. Bular barada 24-nji awgustda Ankarada daşary ýurtlarda iri gurluşyklary alyp barýan türk kompaniýalaryna sylaglary gowşurmak dabarasynda aýdyldy.

“Anadolu” agentliginiň berýän maglumatyna görä, türk kompaniýalarynyň bu ugurdaky mümkinçilikleri entek doly açylmaýar, olar dünýäniň gurluşyk bazaryna gatnaşygyny has-da giňeldip bilerler. Häzirki wagtda onuň möçberi 420 milliard amerikan dollaryna barabar bolsa, 2030-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 750 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.

“Türk kompaniýalarynyň baý tejribesi biziň gurluşykçylarymyzyň üstünlikleriniň kepili bolup durýar. Birinji tapgyrda biz türk kompaniýalarynyň dünýäniň gurluşyk bazaryna gatnaşygynyň paýyny 10 göterime çenli ýetirip bileris. Soňlugy bilen bolsa (2053-nji ýyla çenli) bu görkeziji 15 göterime ýetiriler. Başlangyç tapgyrda 750 milliard dollar — ýetip boljak maksat” diýip, Ärdogan belleýär. Onuň sözlerine görä, soňky ýarym asyrda Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary dünýäniň 131 ýurdunda bahasy 460 milliard amerikan dollaryna deň bolan taslamalary amala aşyrdylar. Şonuň 90 göterimi bolsa soňky 20 ýylda amala aşyrylan taslamalardyr.

Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary türkmen bazarynda hem öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. “Çalyk Holding”, “Çalyk Enerji”, “Rönesans”, “Gap Inşaat” ýaly kompaniýalar bolsa Türkmenistanyň dürli künjeklerinde iri gurluşyk taslamalarynyň ençemesini amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.


28.02.2026 10:13
9.4k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

11.02.2026 11:51
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär...

25.01.2026 05:44
2.8k+

Türkmenistanyň ilçisi Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär...

15.12.2025 17:39
4.6k+

Türkiýe Somalide öz kosmodromynyň gurluşygyna başlady

Türkiýe Somaliniň çäginde kosmodrom gurmak işine girişdi. Bu desga ýurda öz raketa göterijilerini ulanmak mümkinçiligini berer diýip, Baykar awiagurluşyk kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar Stambulda geçirilen Take off tehnologiýa forumynda aýtdy...