GFR-de dünýäde ilkinji wodorod ýangyjy bilen işleýän ýolagçy otlulary işe girizildi

  • 26.08.2022 09:47
  • 7.5k+

Germaniýada Alstom kompaniýasynyň dünýäde ilkinji wodorod ýangyjynda işleýän ýolagçy otlulary işe girizildi. Bu barada Aşaky Saksoniýanyň transport kompaniýasynyň wekili Karmen Şwabla salgylanyp, NDR radiostansiýasy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Onuň maglumatlaryna görä, ilkibaşda wodorod ýangyjy bilen işleýän bäş sebit otlusy Kukshafen, Bremerhafen, Bremerwerde we Bukstehude şäherleriniň arasynda 126 kilometrlik ugur boýunça gatnaw eder.
Wodorod bilen işleýän sebit otlulary 15 sany dizel otlusynyň ornuny çalşyryp, zyýanly zyňyndylary goýbermez. Geljekde olar beýleki ugurlar boýunça hem gatnaw edip biler.
Tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy otlularyň elektrikleşdirilmedik ugurlar boýunça-da gatnaw edip bilmegidir. Aşaky Saksoniýanyň transport kompaniýasy umumy bahasy 93 mln ýewro bolan wodorod ýangyjynda işleýän jemi 14 otlyny satyn aldy. Galan dokuz otly hem ýylyň ahyryna çenli işe giriziler.
Alstom maşyn gurluşygy pudagynda dünýä lideridir. Konsern, esasan, teplowozlaryň we elektrowozlaryň önümçiligine ýöriteleşýär. Şeýle-de, onuň iş ugruna güýç elektronikasy, signal ulgamlary, hereket ediş düzüminiň we toplumy düzüjileriň önümçiligi üçin meýdançalar girýär.


08.05.2026 15:01
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......

22.04.2026 20:12
6.5k+

«Lufthansa» ýangyç tygşytlamak üçin 20 müň uçuşy ýatyrýar

Ýewropanyň iň iri awiakompaniýasy bolan «Lufthansa» ýangyç sarp edilişini azaltmak maksady bilen, iýun aýyndan oktýabr aýyna çenli, takmynan 20 müň uçuşyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Bu barada Deutsche Welle......