Bloomberg: Apple Hindistanda iPhone 14-i öndürip başlamagy meýilleşdirýär

  • 24.08.2022 18:42
  • 18k+

Amerikan kompaniýasy Apple Hindistanda iPhone 14 smartfonynyň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň wekilleri Hindistanda täze iPhone modelini öndürmek üçin “güýçleri artdyrar ýaly üpjün edijiler bilen işleşýär”. Apple uzak wagtdan bäri öz iPhone smartfonlarynyň aglabasyny Hytaýda öndürýär, ýöne indi alternatiwalary tapmaga synanyşýar. Bu ABŞ bilen HHR-iň hökümetleriniň arasyndaky gatnaşygyň çylşyrymlaşmagy, şeýle-de Hytaýda koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendiriji çäreleriň girizilmegi sebäpli “ykdysady işjeňligiň peselmek” töwekgelçiliginiň ýokarlanmagy bilen şertlendirilýär.
TF International Securities-iň abraýly analitiginiň pikiriçe, täze smartfon modeliniň Hindistandan we Hytaýdan bir wagtda iberilmegi Apple kompaniýasyna “üpjünçilik zynjyryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we ätiýaçlyk kuwwatyny döretmäge” mümkinçilik berer.
17-nji awgustda Bloomberg täze iPhone 14 smartfonlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň 7-nji sentýabrda boljakdygyny habar berdi. Satuwyň başlamagy 16-njy sentýabra meýilleşdirilýär.


11.04.2026 14:59
6.5k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

10.04.2026 10:44
3.6k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....

09.04.2026 23:32
7.2k+

Rawi Warmanyň suraty Hindistanyň taryhynda iň gymmat eser boldy: ol $18 milliona satyn alyndy

XIX asyryň meşhur hindi suratkeşi Raja Rawi Warmanyň «Ýaşoda we Krişna» atly suraty Deli şäherinde geçirilen auksionda 1,67 milliard rupiýa (17,9 million ABŞ dollary) satyldy. Bu nyrh......

09.04.2026 15:50
6.4k+

Bolliwud emeli aňyň kömegi bilen köne filmlerini üýtgedip başlady

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Hindistanyň kino industriýasy filmleri dublýaj etmek we bar bolan kadrlary üýtgetmek üçin emeli aňy işjeň ulanyp başlady....