Aşgabatda Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleriniň binalary gurlar

  • 24.08.2022 12:41
  • 11k+

Olary gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji awgustda Aşgabatdaky iri gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy bilen tanşan mahalynda degişli tabşyryklary berdi.

Tanyşlygyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli käbir desgalar, hususan-da, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi barada hasabat berdi. Bu desga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girer. Bu ýerde hassa çagalara ýokary hilli we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.
Şeýle-de “Köşi” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkezi barada hasabat berildi. Merkezde agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, irki döwürde anyklamak we bejergi işlerini geçirmek hyzmatlary amala aşyrylar. Wise-premýer “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda degişli halkara bäsleşigiň jemleri jemlener we onuň ýeňijisi kesgitlener.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......