2022-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Kamboja 740 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi

  • 22.08.2022 12:45
  • 12k+

2022-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Kamboja 740 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 560 göterim köpdür. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat relizinde aýdylýar diýip, russian.news.cn habar berýär.

Syýahatçylyk ministri Thong Khon ähli sosial-ykdysady işleriň dikeldilmeginiň paýtagt Pnompeniň, Siýemreap medeni welaýatynyň we Sianukwil kenarýaka welaýatynyň käbir esasy syýahatçylyk ýerlerine syýahatçylaryň sanynyň artmagyna ýardam edendigini aýtdy.
Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda goňşy Wýetnam patyşalyga gelen syýahatçylaryň sany boýunça lider boldy, onuň yzyndan Tailand we Hytaý gelýär.
Kamboja 2022-nji ýylda azyndan 1 mln daşary ýurtly syýahatçyny kabul etmekçi bolýar, bu bolsa 2021-nji ýyla garanyňda ep-esli köpdür. Şol ýyl ýurda 200 müň adam gelipdi diýmek bilen, T.Khon 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 2 milliona ýetjekdigini, 2026-njy we 2027-nji ýyllarda bolsa koronawirus pandemiýasyndan öňki derejesine geljekdigini belledi.
Ministrligiň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda patyşalyk 6,6 mln syýahatçyny kabul etdi, bu hem 4,92 mlrd ABŞ dollary möçberinde girdeji getirdi.
Kamboja patyşalygy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän üç ýadygärligi, has takygy, Siýemreap welaýatyndaky Angkor-Wat arheologiki seýilgähi, Preahwihea ybadathanasy we Kampongthom welaýatyndaky Sambor-Preý-Kuk arheologiki toplumy bilen meşhurdyr.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......