Daşkentde sebitde ilkinji gezek dünýäniň zenan parlament ýolbaşçylarynyň sammiti geçiriler

  • 20.08.2022 19:10
  • 14k+

Şu ýylyň 8-9-njy sentýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Parlamentara birleşigiň düzümine girýän döwletleriň zenan parlament ýolbaşçylarynyň 14-nji sammiti geçiriler. Oňa Parlamentara birleşigiň düzümine girýän döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň zenan parlament ýolbaşçylary, deputatlardyr halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.

“Dunyo” agentliginiň habar bermegine görä, bu iri forumy geçirmek hakyndaky ylalaşyk Wenada geçirilen 13-nji sammitiň çäklerinde gazanyldy. Özbegistanda guraljak nobatdaky sammit tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilip, ol “Parlamentiň öňdebaryjy orny: durnuklylygy we abadançylygy netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçiliklere baha bermek” mowzugyna bagyşlanar. Sammitiň esasy maksady durnuklylygy we gülläp ösüşi netijeli üpjün etmek, gender deňligini hem-de zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini artdyrmagy gazanmak boýunça parlamentler üçin ileri tutulýan ugurlarydyr hereketleri kesgitlemekden ybaratdyr.
Sammitiň jemleri boýunça Daşkent jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.


şu gün 16:30
292

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
568

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......