Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi

  • 20.08.2022 14:35
  • 12k+

Golaýda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy ýörite çäre guramak bilen, beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny bellemäge başlady. Oňa Atçylyk senagaty boýunça hytaý assosiasiýasynyň, Hytaýyň medeni, ylmy we işewürlik toparlarynyň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew çäräni açyp, türkmen şahyrynyň döredijiligi barada gysgaça gürrüň berdi we Türkmenistanda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden belleniljekdigi barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ilçi şu tema bilen bagly bilelikdäki halkara maslahatlary geçirmäge, dürli neşirleri, ylmy barlaglary çap etmäge ýardam bermäge, şeýle-de Pyragynyň Hytaý hem-de türkmen bedewleri barada ýatlanylýan şygyrlaryny hytaý diline terjime etmäge çagyrdy.
Diplomat ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda atçylyk we ahalteke atlaryny köpeltmek boýunça gatnaşyklary berkitmäge ýardam berýändigi üçin Atçylyk senagaty boýunça hytaý assosiasiýasynyň Baş sekretaryna hoşallyk bildirdi. Hoşallyk sözleri türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge goşandyny goşýan beýleki wekillere hem beýan edildi. 


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....