Türkmenistan Daşkentde geçiriljek tehnologiýalar sergisine gatnaşmaga çagyryldy

  • 20.08.2022 14:29
  • 5.6k+

Türkmenistan 28 — 30-njy sentýabrda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek elektronika, elektrotehnika, kabel-geçiriji önümler, “ýaşyl” energetika, tehnologiýalar we önümçilik boýunça halkara sergä gatnaşmaga çagyryldy.

Serginiň çäklerinde senagatyň öňdebaryjy önüm öndürijileri, ýöriteleşen haryt iberijiler we täze önümçilikler pudagyň ösüş meýillerini, ulgamlaýyn çözgütleri, enjamlary görkezerler. Şeýle-de olar söwdanyň çägini giňeltmäge, täze işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmaga, serginiň meýdançasynda göni gepleşikleri geçirmäge, geljegi uly alyjylara öz önümlerini, tehnologiýlaryny ýa-da täze işläp taýýarlamalaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar.
Umuman, «UzE-TechExpo» sergisine Özbegistandan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Russiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Belarusdan, Polşadan 7 müňden gowrak gatnaşyjy çagyryldy. 


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......