Tesla kompaniýasy 3 mln awtomobil çykardy

  • 16.08.2022 17:34
  • 18k+

Tesla elektromobil öndürijisi 3 mln awtomobil çykardy. Bu barada kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Ilon Mask Twitterde habar berdi. Muny incrussia.ru ýetirýär.

Ol Şanhaýda 2019-njy ýylda işe girizilen zawodyň 1 mln awtomobil öndürendigini aýdyp, kärhananyň Hytaýdaky berk koronawirus çäklendirmelerine garamazdan üstünlik gazanmagy başarandygyny belledi.
Ilon Mask Tesla kompaniýasyny 2003-nji ýylda Kaliforniýada esaslandyrdy. Ilkibaşda kompaniýa diňe elektromobilleri öndürýärdi, ýöne soň önümçiligi Gün batareýalaryna we beýleki energiýa toplaýjy ulgamlara çenli giňeltdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......